Sep 23, 2022 15:56 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: ABŞ tarapynda zerur isleg yrada bar bolsa, şertnama henizem elýeterde

Eýranyň Daşary işler ministri, sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikler barada Norwegiýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň pozisiýasyny açyklap, ABŞ-nyň isleg yradasy bar bolsa şertnama henizem elýeterdedir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian we Norwegiýanyň Daşary işler ministri Anniken Huitfeldt Nýu-Yorkorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklardaky soňky wakalar barada pikir alyşdylar.

Bu duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri aragatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin anyk ýol açmaga taýýardygyny mälim etmek bilen, iki ýurduň bar bolan we dürli mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Amir Abdollahian, sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikler hakda Eýran Yslam Respublikasynyň pozisiýalaryny açyklap aýtmak bilen ABŞ-nyň isleg yradasy bar bolsa şertnama henizem elýeterdedir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Halkara Atom Energiýasy Guramasy tehniki borçlaryna we jogapkärçiligine esaslanyp hereket etmeli we parahatçylykly ýadro programmasy babatynda syýasy we goşa çemeleşmeden daşlaşmalydyr diýdi.

Norwegiýanyň Daşary işler ministri bu duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gozgalýan meselelere ünsi çekip iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy.

"Anniken Huitfeldt" ýadro meselesiniň has çalt çözülmegini we hyzmatdaşlygyň giňelmegini nygtady.