Sep 25, 2022 13:19 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Eýranyň özygtyýarlylygyny bozmak synanyşyklary jogapsyz galmaz

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň aragatnaşyk pudagyndaky käbir sanksiýalar babatdaky hereketine jgaýtawul görkezip, Eýranyň özygtyýarlylygyny bozmak baradaky tagallalaryň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Naser Kanani şenbe güni agşam twitterde ABŞ-nyň hökümetiniň aragatnaşyk pudagyndaky käbir sanksiýalar babatdaky hereketine jogap edip şeýle ýazypdyr: Amerika hemişe Eýranyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny gowşatmaga synanyşýar we elbetde şu wagta çenli başa baran dääldir.

Kanani sözüni dowam birnäçe aragatnaşyk sanksiýalarynyň agyrlygyny azaltmak we şol bir wagtyň özünde iň ýokary basyşy saklamak bilen Amerika Eýrana garşy maksatlaryny ikiýüzli amala aşyrýar diýip beýan etdi.

Tags