Sep 26, 2022 12:38 Asia/Ashgabat
  • Kanani Çafi: Eýran halkynyň hukuklaryny goran bolýanlar onlarça ýyllap adamkärçiliksiz sanksiýalary bes etmeli

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran halkynyň hukuklaryny goran bolýanlar özleriniň ýalan şygarlaryny taşlamaly we Eýran halkyna garşy birnäçe onýyllyk rehimsiz we adamkärçiliksiz sanksiýalary bes etmelidir diýip nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Chafi özüniň Instagram sahypasynda Amerikanyň we Günbataryň Eýran Yslam Respublikasyna bolan ikiýüzli çemeleşmesini tankytlap Duşmanyň Eýrana bolan çemeleşmesi elmydama ikiýüzlilik we goşa standartlar bilen utgaşdy we soňky bidüzgünçiliklerde Amerikanyň we käwagt Ýewropanyň syýasy ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleri, şeýle hem Günbatar tarapyndan goldanýan Pars metbugaty  gozgalaňçylary we ýurduň howpsuzlygyny bozýanlary goldamakda kemini goýan däldirler Emma  millionlarça eýranly häkimiýeti we ýurdy goldamak we bulam-bujarlyga berk garşy çykmak üçin ýurduň köçelerinde we meýdançalarynda ýöriş etdiler diýip ýazdy.

Tags