Sep 27, 2022 13:58 Asia/Ashgabat
  • Prezident Raisi Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Türkmenistany garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlady.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Türkmenistan Respublikasynyň prezidenti Serdar Berdimuhammedowa iberen ýüzlenmesinde bu ýurduň hökümetini we halkyny bu ýurduň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlady.

Raisi, iki ýurduň goňşy, dost we dogan hökmünde özara gatnaşyklaryny artdyrmak üçin möhüm ädimleri ädendiklerine yşarat edip iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň gülläp ösmegi we rahatlygy ugrunda gün-günden giňelmegine umyt bildirdi.

Tags