Sep 27, 2022 16:45 Asia/Ashgabat
  • Amirabdullahian: Agentligiň soraglaryna jogap bermäge taýýar

Eýranyň Daşary işler ministri Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň soraglaryna jogap bermäge taýýardyrys emma Agentlik tehniki hereket etmelidir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian "Al-Monitor" bilen söhbetdeşlikde Halkara Atom Energiýasy Guramasy jogapkärçiligine we tehniki borçlaryna ünsi jemlese, agentlik bilen hyzmatdaşlygy güýçlendireris diýip nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri Amerika we Ýewropa ýurtlarynyň üçüsi nädogry iş etdiler; we Gepleşýän wagtymyzda olar karary çykardylar.

Amirabdullahian şeýle-de Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen baglanyşykly meselesi, onuň syýasy hereket etmegidir diýdi.

Daşary işler ministri şeýle hem dünýädäki ýadro işleriniň iki göterimi Eýranda parahatçylykly ýagdaýda amala aşyrylýar, emma Agentligiň gözlegleriniň 37 göterimi Eýrana degişlidir diýdi.

Amirabdullahian sözüniň dowamynda Agentligiň Eýrana garşy gün tertibindäki esassyz aýyplamalary aýrylmalydyr diýdi.

Daşary işler ministri şeýle hem Nýu-Yorkorkda Amerikalylardan biri-birimiz bilen göni gepleşik geçireliň diýen habary aldyk, Islendik göni gepleşikde, esasanam Eýran bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda soňky dört onýyllykda Amerikalylaryň Eýran bilen bolan ähli duýgurlygy we özüni alyp barşy bilen peýdasy bolmalydyr diýip sözlerine goşdy.

Amirabdollahian, şeýle hem, Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň kadaly ýagdaýa gelmegini we iki ýurduň ilçihanalarynyň açylmagyny we Saud Arabystanynyň Eýran bilen kadaly gatnaşykda bolmagyny garşy alyp goldaýarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň Russiýa bilen goranyş hyzmatdaşlygy barada şeýle diýdi: goranmak hyzmatdaşlygymyz bar, emma Ukrainadaky söweşde hiç bir tarapy goldamaýarys we urşa garşydyrys.