Sep 28, 2022 10:06 Asia/Ashgabat
  •  Eýranda, gozgalaňçylary ýazgarmak.

Pygamberimiziň (saw)yň aradan çykmagynyň we Ymam Hasan Mojtabiniň (as)yň şehtitlige ýetmeginiň ýyl dönümi bilen gabat gelen sentiýabriň 25-njy güni Eýranyň dürli welaýatlarynyň halky, "Ummat Resulullah (saw)" -iň ýygnagyny geçirip,Soňky günlerdäki ýürtdäki bidüzgünçilikleri ýazgardylar.

  Pygamberimiziň (saw)yň aradan çykmagynyň we Ymam Hasan Mojtabiniň (as)yň şehtitlige ýetmeginiň ýyl dönümi bilen gabat gelen sentiýabriň 25-njy güni  Eýranyň dürli welaýatlarynyň halky, "Ummat Resulullah (saw)" -iň  ýygnagyny geçirip,Soňky günlerdäki ýürtdäki bidüzgünçilikleri ýazgaryp, Gurhany kemsitmegi ýazgardylar we Yslam respublikasy ulgamyna we dini gymmatlyklara berk goldaw berýändiklerini mälim etdiler.

Soňky günlerde Eýranyň dürli sebitlerinde gozgalaňçylar we Eýran Yslam Respublikasynyň garşydaşlary,dini we milli gymmatlyklary, esasanam Mukaddes Gurhany we Eýran Yslam Respublikasynyň baýdagyny kemsitmekden başga-da, bulam-bujarlygy döretdiler we netijede onlarça adam öldi ýa-da ýaralandy.

Gozgalaňçylaryň aç-açan bahanasy Eýranda aýal-gyzlary goldamakdy, ýöne iş ýüzünde olar bu bidüzgünçilikler bilen Yslam respublikasynyň ulgamyna we dini gymmatlyklara garşydygyny görkezdiler, Gozgalaňçylar esasanam Mukaddes Gurhany ýakmak bilen we Eýran Yslam Respublikasynyň baýdagyny we metjitleri ýakmak bilen, şeýle hem dini ygtyýarlyk ýörelgesine kemsidilmeleri bilen bu bidüzgünçilikleri görkezdiler.

Gozgalaňçylaryň we olaryň tarapdarlarynyň ýalňyş düşünjeleri  , aýallaryň hukuklaryny goldamak bahanasy bilen jemgyýetçilik pikirini öjükdirip, halky özleri bilen bilelikde alyp barmakdy, ýöne Eýranyň paýhasly adamlary soňky 44 ýylda birnäçe gezek subut etdiler:

Birinjiden, nägilelik bilen bidüzgünçiligi tapawutlandyrýarlar we bidüzgünçiligi hiç wagt kabul etmeýärler.

Ikinjiden, käbir kemçiliklere garamazdan, olar Yslam respublikasy ulgamyny we dini gymmatlyklary goldaýarlar.

Üçünjiden, gozgalaňçylar, dini gymmatlyklary kemsidýänler we jemgyýetçilik emlägini ýok edýänler bilen çynlakaý gatnaşyk etmek halkyň çynlakaý islegidir.

 Ýygnagda aýtsak ,Eýran halky ,Gozgalaňçylara yslam ulgamyna we dini gymmatlyklara bolan dini yhlasyny subut etdi.  

 

Tags