Sep 29, 2022 14:39 Asia/Ashgabat
  • Erşadi: Terror toparlarynyň döremegi Owganystan üçin çynlakaý howpdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekiliniň orunbasary Zahra Erşadi terrorçylygy we terrorçy toparlaryň döremegini Owganystan, goňşulary, sebiti we halkara jemgyýetçiligi üçin çynlakaý howp hasaplady.

IRNA-nyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Owganystan meselesi boýunça çykyş eden Eýranyň ilçisi we wekiliniň orunbasary, Owganystanda DAEŞ bilen baglanyşykly terrorçy toparlaryň döremegi baradaky habarlary we hasabatlary aladalandyryjy hasaplamak bilen Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylary terrorçylyga garşy göreşjekdigi we diplomatik desgalary goramak üçin ähli zerur çäreleri görjekdigi barada ykrarly bolmalydyr diýdi.

Ol şeýle hem, Owganystan indi DAEŞ we Al-Kaýda toparlary üçin howpsuz ýere öwrülmeli däldir.

Erşadi Owganystanyň dolandyryş guramasynyň işgärlerine halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, esasanam Owganystanyň köp etnik jemgyýetini görkezýän giňişleýin hökümet döretmek baradaky gaýta-gaýta isleglerni ýatlatdy.

Ol şeýle-de diňe ähli owganlardan ybarat hökümetiň öz hukuklaryny kepillendirip we gorap biljekdigini aýtdy.

Tags