Sep 29, 2022 16:54 Asia/Ashgabat
  • Serdar Fadawi: Amerika hiç haçan hoşniýetlilik bilen hiç bir sözi aýtmaýar

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Baş serkerdesiniň orunbasary ​​Amerikanyň hiç haçan hoşniýetlilik bilen sözlemeýändigini aýtdy.

Ak tamyň işgärleriniň dartgynlylygy döredýän we krizis döredýän hereketlerine garamazdan, Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň sebitdäki hereketlerine garşy durmakda elmydama täsirli rol oýnady.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesiniň orunbasary "Serdar Ali Fadawi" şu wagta çenli Amerikalylardan haýsydyr bir ýurda dünýäde hiç hili gowulyk we haýyr ýeten däldir diýdi.

"Serdar Fadawi" sözüniň dowamynda hak bilen ýalanyň arasyndaky söweş hiç haçan gutarmaýar we hak bilen batyl dünýäniň ahyryna çenli biri-biri bilen gapma-garşy gelýär, batylyň wekili Amerikalylaryň özleri hem Kongresde boýun alyşy ýaly uly şeýtan Amerikadyr.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesiniň orunbasary şeýle-de hak frontuň ýeke-täk wekili Yslam rewolýusiýasydyr we amerikalylar ýamanlygyň ojagy hökmünde wirtual giňişlik we hemra ulgamlary bilen Yslam rewolýusiýasyna garşy göreşmegiň dürli usullaryny ulanýar diýdi.

Tags