Sep 30, 2022 14:18 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Yragyň Daşary işler ministri Amerikanyň Eýrana iberen habaryny getirdi

Eýranyň Daşary işler ministri käbir daşary işler ministrleriniň soňky aýlarda Amerika bilen Eýranyň arasynda habar gatnatmaga synanyşandyklaryny aýdyp, Yragyň Daşary işler ministri Fowad Huseýniň Amerikanyň habaryny Eýrana gowşurandygyny yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri, şeýle hem, Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada Amerikan tarapy sekiz-dokuz gün barlandan soň öz pikirini aýtdy we Eýran üçin möhüm bolan käbir meselelerde tarap, bu meselelerde teksti "düşnüksizräk we gümürtikliräk " etdi diýdi.

Tags