Oct 01, 2022 16:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Žewadaky wekili: Basylyp alnan Palestindäki etnik arassalamak Sionist režimiň hemişelik syýasatydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Žewadaky wekilhanasyndaky täze ilçisi we hemişelik wekili, basyp alnan Palestindäki etnik arassalamagyň sionist režimiň hemişelik we bilgeşleýin syýasatyna öwrülendigini aýtdy.

Amerikanyň we Ak tamyň Ýewropadaky ýaranlarynyň sionizmi goldamakdaky arkalaşygy we dymmagy bilen ezilen palestina halkynyň hukuklary ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri aýak astyna alynyp gelýändir.

Bu döwürde Kudsy basyp alan režim palestinalylara garşy iň rehimsiz jenaýatlary etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky wekilhanasynyň täze ilçisi we hemişelik wekili Ali Bahreini adam hukuklary geňeşiniň mejlisinde basyp alnan Palestina sebitlerinde adam hukuklarynyň bozulmagy barada eden çykyşynda Palestina halky henizem harby aparteid ulgamynyň dolandyryşy astynda adam hukuklarynyň we ynsanperwerlik hukuklarynyň uzak wagtlap bozulmagyna şaýat bolup gelşidir diýip nygtady.

Bahreýini şeýle-de Palestinalylara garşy öldüriji harby güýç ulanmak, olary yzarlamak, etniki arassalamak, bikanun ýaşaýyş ýerlerini giňeltmek we köpçülikleýin jeza bermek Palestinanyň basyp alyşy başyndan bäri sionist režimiň hemişelik hereket usulyna we bilkastlaýyn basyp ýatyrmak syýasatyna öwrüldi diýip sözlerine goşdy.

Bahreininiň aýtmagyna görä, Adam hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi wagyz edýän käbir ýurtlaryň aldawçylykly hereketleri, sionist režimiň basyp alan ýerlerinde alyp barýan işleri barada dymmaklary aňyrbaş ikiýüzlülükdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky wekilhanasynyň täze ilçisi we hemişelik wekili şeýle-de aslynda, bu ýurtlar basyp alnan Palestinde uruş jenaýatlaryny we adamzada garşy jenaýatlary amala aşyrmakda "gatnaşandyrlar" we harby aparteidiň günäkärleriniň jogapkärçiligini we Palestinde bu režimiň eden jenaýatlarynda rol oýnandyrlar diýip beýan etdi.

Tags