Oct 03, 2022 13:29 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ýemendäki ýaraşygyň möhletini uzaltmak barada telefon arkaly maslahatlaşdylar

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bilen Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahýanyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde Ýemendäki ýaraşygyň möhletini uzaltmak bilen baglanyşykly soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, bu telefon söhbetdeşliginde Amir Abdollahian Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmakdaky döredijilikli tagallalary üçin minnetdarlyk bildirip, Ýemeniň gumanitar gabawyny aýyrmagyň we atyşygy bes etmegiň möhümdigini aýtdy.

2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri ABŞ-nyň kömegi we sionist režimiň goldawy bilen birnäçe arap ýurtlarynyň koalisiýasy görnüşinde Saud Arabystany iň garyp arap ýurdy bolýan Ýemende giň hüjümleri amala aşyrdy.

Ýedi ýyllap Ýemene çozup, müňlerçe adamy öldürip, ýurduň infrastrukturasyny weýran edensoň, bu ýurtlar diňe bir öz maksatlaryna ýetmändigi bärde dursun has dogrusy, Ýemeniň ýaragly güýçleriniň raketa we pilotsyz uçarlarynyň zarbalaryndan soň ok atyşygy bes etmegi kabul etmäge mejbur boldular.

6 aý dowam eden bu ýaraşyk, agressorlar tarapyndan müňlerçe gezek bozuldy we käbir maddalary ýerine ýetirmekden ýüz öwürdiler.