Oct 03, 2022 17:26 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: bidüzgünçilikler we howplar Amerika we basyp alyjy we ýasama sionist režim tarapyndan döredildi

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy ýaragly güýçleriň uniwersitetleriniň talyplarynyň bilelikdäki gutardyş dabarasynda eden çykyşynda gozgalaňlar we howplar Amerika we basyp alyjy we ýasama sionist režim tarapyndan döredildi we olara bagna we daşary ýurtdaky käbir dönük eýranlylar olara kömek etdiler diýip beýan etdiler.

"Hezreti Aýatolla Hameneýi" şu gün (duşenbe) ýaragly güýçleriň ofiserlik talyplarynyň bilelikdäki gutardyş dabarasynda soňky wakalara ünsi çekip: Bu hadysada, beýleki wakalar ýaly, Eýran halky düýbünden güýçli bolup göründi we geljekde-de hem şeýle bolar we geljekde duşmanlar bidüzgünçilik döretmek islese, batyr we ynanýan Eýran halky döşlerini galkan edip berk durarlar diýdiler.

Hezretleri Eýran halkyny hojaýyny Hezreti Amir al-Mumenin Ali (AS) ýaly ezilen, ýöne güýçli halk diýip atlandyrmak bilen bu wakada ýüregimizi sarsdyran bir ýaş gyz öldi ýöne bu hadysanyň täsiri, derňew geçirmezden we hiç zat belli bolmazdan, käbir adamlaryň köçeleri howply etmek, Gurany ýakmak, örtgüli aýalyň kellesinden hijaby aýyrmak, metjid we hosseýiniýe ot bermek, we adamlaryň awtoulaglary ot bermek, bu adaty bir reaksiýa däldir diýip aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bu bidüzgünçilikleriň meýilleşdirilendigini aýtmak bilen bu ýaş gyzyň bahanasyda bolmadyk bolsa, şu ýylyň Mehriň ilkinji gününde ýurtda howpy we bulam-bujarlygy döretmek üçin başga bir bahana dörederdiler diýdiler.

Hezreti Aýatolla Hameneýi: Dünýäde köp bidüzgünçilikler bar, Ýewropada, esasanam Fransiýada we Parisde wagtal-wagtal bidüzgünçilikler bolýar diýdiler.

Hezretleri şeýle-de Amerikalylaryň bir gyzyň ölümine gynanýandygyny görkezmegiň ýalandygyny aýtmak bilen olar daş keşbiniň tersine, awariýa döretmek üçin bahana alandyklary üçin begenýändiklerine yşarat edip ýurtda üç güýjüň işgärleri bu mesele babatly gynanç bildirdiler we kazyýet ulgamy bu meseläni ahyryna çenli dowam etdirjekdigini aýtdy diýip yglan etdiler.

Aýatolla Hameneýi, ýurduň ähli pudaklaryndada ösüşiniň çaltlaşýandygyna we käbir köne böwetleriň çözülmeginiň tizleşýändigine, bilim merkezleriň işjeňleşmegine we ýurduň sanksiýalary zyýansyzlandyrmak ukybyna yşarat edip olar ýurduň ösüşini islemeýärler we bu hereketi duruzmak üçin uniwersitetleri ýapmagy we köçeleri howply etmegi we wezipeli adamlary ýurduň demirgazyk-günbatarynda we günorta-gündogarynda täze meselelere çekmegi meýilleşdirýärler diýdiler. 

Hezretleri şeýle-de duşmanyň ýurduň demirgazyk-günbatary we günorta-gündogary baradaky hasaplamalarynda ýalňyşlyk goýberendigini belläp: Buluç halkynyň arasynda ýaşadym we olar Yslam respublikasyna çuňňur wepalydyrlar, Kürt halky hem iň ösen Eýran halklarynyň biri we watany, Yslam we sistema bilen gyzyklanýar, şonuň üçin duşmanyň meýilnamasy durmuşa geçirilmez diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneý Amerikanyň diňe bir Yslam respublikasyna däl, eýsem güýçli we garaşsyz Eýrana garşydygyny aýtmak bilen olar Pahlawi döwründe süýt berýän sygyr ýaly buýruklaryna boýun bolan Eýrany gözleýärler diýdiler.

Hezretleri hijaby doly bolmadyklaryň köpüsi Yslam Respublikasynyň çynlakaý tarapdarlarydyrlar we dürli dabaralara gatnaşýarlar, sdawa Yslam Eýranyň garaşsyzlygy, durmagy, güýçlenmegi we abraýy baradadyr diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri şeýle hem elbetde, köçä gelen bu adamlaryň käbiri mynagyklar, separatistler, monarhistler we ýigrenilýän Sawakileriň maşgalalary ýaly Yslam respublikasy tarapyndan zarba eýen elementlerden ybaratdyrlar we kazyýet güýji olary köçelere we howsuzlyga ýeriren zyýanlary üçin jezalandyrmalydyr diýdiler.