Oct 03, 2022 21:57 Asia/Ashgabat
  • Eýran pilotsyz uçarlaryň Russiýa iberilmegini inkär etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň Russiýa Ukrainadaky söweşde ulanmak üçin iberilmegi baradaky habarlary esassyz hasaplady.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani soňky hepdelerde çap edilen habarlaryň we käbir ukrain resmileriniň rus goşunynyň Ukrainadaky söweşde Eýranyň pilotsyz uçarlaryny ulanmagy baradaky pozisiýalarynyň jogabynda Eýran Yslam Respublikasy, Ukrainadaky söweşde ulanmak üçin Russiýa pilotsyz uçarlaryň iberilmegi baradaky habary esassyz hasaplaýar we muny tassyklamaýar diýdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda: Konfliktiň başyndan şu güne çenli işjeň bitaraplyga we urşa garşylyga esaslanýan ýörelgeli we aýdyň syýasatyny elmydama aýdyp gelýäris we iki tarapyň arasyndaky düşünişmezlikleri zorluk bilen däl-de eýsem syýasy ýoldan çözülmegini nygtap gelýäris diýip mälim etdik diýdi.

Kanani bu meselede, soňky aýlarda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, rus we ukrain kärdeşleri bilen köp sanly gatnaşyklarynda we duşuşyklarynda dawalary parahatçylykly we gepleşikler arkaly çözmegiň zerurdygyny nygtandygyny we Eýranyň bu prosese kömek etmek üçin taýýardygyny yglan edendir diýdi.