Oct 04, 2022 09:57 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň mertebesi belent Ýolbaşçynyň daşary ýurtlardan Eýrandaky bidüzgünçilikleriň meýilleşdirilýändigi nygtamaklary

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň Baş serkerdesi , ýaragly güýçleriň ofiserlik ýokary okuw jaýlaryň talyplarynyň bilelikdäki gutardyş dabarasynda Mahsa Aminiň ölümi bahanasy bilen Eýranda bolup geçen bidüzgünçilikler barada möhüm sözleri aýtdylar.

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň Baş serkerdesi Hezretleri Aýatolla Hameneýi, duşenbe güni irden ýaragly güýçleriň ofiserlik ýokary okuw jaýlaryň talyplarynyň bilelikdäki gutardyş dabarasynda Mahsa Aminiň ölümi bahanasy bilen Eýranda bolup geçen bidüzgünçilikler barada möhüm sözleri aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri bu bidüzgünçilikleriň meýilleşdirilendigine yşarat edip "Bu ýaş gyzyň meselesi bolmadyk bolsa, şu ýyl Mehr aýyň ilkinji gününde ýurtda howpsuzlyk we bidüzgünçilikler döretmek üçin başga bir bahana dörederdiler diýdiler.  Ol hezretleri şeýlede Aç-açan , bu bidüzgünçilikleriň we howpsyzlyklaryň Amerika we basyp alyjy we ýasama sionist režimi tarapyndan döredilendigini aýdýaryn, we olardan aýlyk alýanlar we daşary ýurtlarda dönüklik etýän eýranlylar olara kömek etýärler diýip aýtdylar. Aýatolla Hameneýi ABŞ-nyň diňe bir Yslam respublikasyna däl, eýsem güýçli we garaşsyz Eýrana garşydygyny belläp, Pahlawi döwründe olar Eýrany boýun edipdiler häzir hem şony isleýärler diýdiler. Hezreti Aýatolla Hameneýi: Dünýäde köp bidüzgünçilikler bar, Ýewropada, esasanam Fransiýada we Parisde wagtal-wagtal bidüzgünçilikler bolýar diýdiler.

Hezretleri şeýle-de Amerikalylaryň bir gyzyň ölümine gynanýandygyny görkezmegiň ýalandygyny aýtmak bilen olar daş keşbiniň tersine, awariýa döretmek üçin bahana alandyklary üçin begenýändiklerine yşarat edip ýurtda üç güýjüň işgärleri bu mesele babatly gynanç bildirdiler we kazyýet ulgamy bu meseläni ahyryna çenli dowam etdirjekdigini aýtdy diýip yglan etdiler.

Aýatolla Hameneýi, ýurduň ähli pudaklaryndada ösüşiniň çaltlaşýandygyna we käbir köne böwetleriň çözülmeginiň tizleşýändigine, bilim merkezleriň işjeňleşmegine we ýurduň sanksiýalary zyýansyzlandyrmak ukybyna yşarat edip olar ýurduň ösüşini islemeýärler we bu hereketi duruzmak üçin uniwersitetleri ýapmagy we köçeleri howply etmegi we wezipeli adamlary ýurduň demirgazyk-günbatarynda we günorta-gündogarynda täze meselelere çekmegi meýilleşdirýärler diýdiler. 

Ýokary derejeli Lideriň,daşary ýurtlardan soňky bidüzgünçilikleriň meýilleşdirilmegine ünsi çekmekleri global ulumsylygyň lideri höküminde ABŞ-nyň gozgalaňçylarynyň ýolbaşçylaryna ähli taraplaýyn goldawyny görkezýär.

Iňlis derňew žurnalisti "Kit Klarnberg" Aslynda Amerika, Günbatar Bileleşigiň lideri hökmünde diňe Trump döwründen bäri iň ýokary basyş kampaniýasy görnüşinde ähli sanksiýalary girizmek bilen çäklenmän, wagtal-wagtal Eýranyň içerki işlerine dahylçylyk etýär diýdi.

Mundan başga-da, ýadro alymlaryna dönüklik etmek we Eýranyň ýadro desgalaryna päsgel bermek arkaly Eýran halky bilen duşmançylygyny aç-açan görkezen sionist rržim bulaşyk suwdan balyk tutmaga synanyşýar.

 

Tags