Oct 04, 2022 10:08 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň Eýranyň nebit eksportyna garşy täze sanksiýalary

ABŞ-nyň Gazna ministrligi Eýranyň nebitiniň eksportyna garşy bu ýurduň çäereleriniň dowamynda 10 kompaniýany we bir gämini sanksiýalar sanawyna goşandygyny mälim etdi.

 

  ABŞ-nyň Gazna ministrligi geçen penşenbe güni beren beýanatynda Eýranyň nebitiniň eksportyna garşy bu ýurduň çäereleriniň dowamynda 10 kompaniýany we bir gämini sanksiýalar sanawyna goşandygyny mälim etdi.

ABŞ Gaznasynyň web sahypasy bu sanksiýalar barada düşündiriş berip, "Şu gün Gazna ministrliginiň Daşary ýurt emläklerine gözegçilik gullugy ýüzlerçe million dollarlyk Eýranyň nebit we nebithimiýa söwdasyna gatnaşýan halkara kompaniýalary sanksiýalar sanawynda goşdy diýip ýazypdy. "ABŞ Gaznasy şu günki çäräniň Eýranyň käbir araçy kompaniýalaryna we BAE, Gonkong we Hindistan ýurtlaryndaky  birnäçe ýalan kompaniýalaryna gönükdirilendigini habar berdi. Bu sanksiýalar, ABŞ-nyň sanksiýalarynyň netijeleriniň ýitmegi bilen baglanyşykly täze faktlaryň döreýän ýagdaýynda Bu sanksiýalar girizildi. Golaýda ABŞ-nyň Gazna ministrligi "sanksiýalaryň islenilmeýän täsiri" diýilýän zady derňemek üçin edara döretdi. Waşington sanksiýalaryň peselýän tendensiýasyny duruzmak isleýän ýalydyr.

Baýden administrasiýasynyň Eýrana garşy täze sanksiýalary ulanmak, esasanam nebit eksportyny nyşana almak ugrundaky hereketi Tährana garşy iň ýokary basyş kampaniýasynyň dowamy hasaplanýar. Amerikanyň öňki prezidenti Donald Trumpyň prezidentlik döwründe, 2018-nji ýylyň maý aýynda ýadro şertnamasyndan çekilenden soň başlanan kampaniýa, Eýrany ýadro, raketa we sebit syýasatynda bikanun we logiki däl talaplary kabul etmäge mejbur etmek maksady bilen başlandy.   ABŞ-nyň öňki hökümeti ýadroşertnamadan çekilenden soň, Eýrana garşy iň ýokary basyş kampaniýasynyň çäginde gysga wagtyň içinde Eýranyň nebit satuwyny nola çenli azaltjakdygyny öňe sürdi, ýöne maksatyna ýetmäni 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda işini bes edipdi. Mundan başga-da, Eýran Amerikanyň basyşyna garamazdan nebit eksportyny üstünlikli dowam etdirmegi başardy. Eýranyň bu hereketleri, iň ýokary çydam syýasatynyň çäginde amala aşyryldy.

 ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň ýadroşertnama gaýdyp gelmek baradaky ilkinji şygarlarynyň tersine, iş ýüzünde tersine hereket edendigi we Trump administrasiýasynyň Eýrana garşy alyp barýan şol bir şowsuz syýasatyna eýerendigine garamazdan,Eýranyň nebit eksportyna garşy täze sanksiýalar girizilmegi, Trump administrasiýasynyň Eýranyň özüni alyp barşyny üýtgetmekde we Amerikanyň talaplaryny kabul etmekde giň we ysmaz sanksiýalarynyň  täsiri babatynda şol bir netijesiz logika laýyklykda amala aşyryldy. Hususan-da, Eýranyň Waşingtonyň şertnama gaýdyp gelmek baradaky teklibine beren jogaby Tährany logiki we kanuny talaplaryndan sowmak hakda Amerikalylary umytsyzlyga çekdi.

 

 

 

Tags