Oct 04, 2022 18:25 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran halky duşmanyň dildüwşügini puja çykardy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, gymmatlyklary goramak üçin millionlarça Eýranlynyň sahna çykmagy Yslam Eýrana garşy dildüwşükde duşmanyň şowsuz bolandygyny mälim edýär diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi sişenbe güni Yslam şura mejlisiniň açyk maslahatynda ýurduň käbir şäherlerinde bolup geçen soňky wakalara we bidüzgünçiliklere salgylanyp, duşmanyň Eýran halkyna bolan gahar-gazabynyň sebäbini,  döredilen sanksiýalara we päsgelçiliklere garamazdan ýurduň ösüşi diýip hasaplady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň paýhasly görkezmelerine  salgylanyp Soňky wakalary hemmetaraplaýyn seljermek, ýagdaýy seljeren we Amerikanyň we Sionizmiň Eýran halkyna garşy dildüwşük we gozgalaň edýändiklerini düşündiren ähli düşünjeli adamlar üçin düşnükli we peýdaly boldy diýip nygtady.