Oct 06, 2022 10:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranda etniki toparlary öjükdirmekde Duşmanlaryň ýalňyş hasaplamalary

Yslam Rewolýusiýasynyň Belent mertebeli Ýolbaşçysy , Eýranyň soňky wakalary barada möhüm beýanatlarynda duşmanlaryň Eýran Yslam Respublikasynyň ulgamyna garşy etnik toparlary öjükdirmek baradaky hasaplamalaryny nädogry hasapladylar.

  Geçen duşenbe güni 4-njy oktiýabrda Yslam Rewolýusiýasynyň  Belent mertebeli Ýolbaşçysy Hzretleri Aýatolla Hameneýi, Eýranyň soňky wakalary barada möhüm beýanatlarynda duşmanlaryň Eýran Yslam Respublikasynyň ulgamyna garşy etnik toparlary öjükdirmek baradaky hasaplamalaryny nädogry hasapladylar.

Hzretleri Aýatolla Hameneýi, beýanatlarynyň bir böleginde ýurduň demirgazyk-günbatar we günorta-gündogary baradaky hasaplamalarynda duşmanyň nädogrydygyny belläp, men "Buluç halkynyň arasynda ýaşadym ,olar yslama çuňňur wepaly Şeýle hem Kurtler Eýranyň iň ösen etnik toparlaryndan biri we ýurt, Yslam we sistema bilen gyzyklanýarlar, şonuň üçin duşmanyň meýilnamasy netije bermez diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: duşmanlaryň dizaýnlary we hereketleri içki keşplerini görkezýär,olar Diplomatik beýanatlarynda Eýrana hüjüm etmek we ulgamy üýtgetmek niýetimiz ýok diýýärler,ýöne şol bir duşman bulaşyklyk döretmek, ýurduň howpsuzlygyny ýok etmek we bolup biläýjekleriň tolgunmasyny döretmek isleýär we elbetde käler birneme tolgunýarlar diýip nygtadtlar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli Ýolbaşçynyň bu sözleri, Eýranyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Sistan we Bulujystan welaýatyny goşmak bilen Eýranyň dürli sebitlerinde duşmanlaryň soňky hereketlerine we prowokasiýalaryna degişlidir. soňky günlerdäki   bidüzgünçilikler, howpsuzlygy ýaýratmak, terrorçylyk hereketleri, adamlary öjükdirmek we separatizm ýaly maksatlaryna ýetmek üçin mümkinçilik hökmündedir.

Anna güni Zahedan şäherinde birnäçe polisiýa we Basij güýçleriniň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna, şeýle hem jemgyýetçilik emläginiň ýok edilmegine sebäp bolan terrorçylykly wakalar duşmanlaryň we hakyna   tutulanlaryň halkyň agzybirligini we Yslam Eýranyň howpsuzlygynynyşana alýandygyny görkezdi.

Bu aralykda, Sistan we Bulujystan welaýatynyň halklarynyň we dürli tireleriniň, şeýle hem Eýranyň hukuk goraýjy we howpsuzlyk güýçleriniň ygtyýary bilen duşmanlaryň soňky senarýosy öňküsi ýaly şowsuz boldy, taýpalaryň, tireleriň ýaşululary, Zahedanyň sünni we şaýy ruhanylary bu welaýatyň ähli halkyny parahatçylyga çagyrdylar.  

Yslam Rewolýusiýasynyň  Belent mertebeli Ýolbaşçysy Hzretleri Aýatolla Hameneýiň tarapyndan ençeme gezek makullanan taýpalardan biri bu taýpa Buluç taýpasydyr.1378-nji ýylda Şirazyň mugallymlary we talyplary bilen bolan duşuşygynda ol Hezretleri: "ýaşlar,siz ynkylabyň ilkinji günlerini görmediňiz ,Ynkylapyň ilkinji ýylynda ýurduň çar künjeginde diýen ýaly Bulujystanda, Kürdüstanda, Türkmen Saharasynda we ýurduň käbir başga ýerlerinde, etniki şygary bilen  söweş we dawa merkezleri döredildi ,ýöne Yslam Ynkylaby bu duşmançylyklary ýeňip geçdi diýdiler.

 

 

 

Tags