Oct 21, 2022 14:54 Asia/Ashgabat

Deňiz howpsuzlygy boýunça iş toparynyň üçünji mejlisi ýygnaga agza ýurtlaryň gatnaşmagynda Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Harby deňiz güýçleri tarapyndan geçirildi.

EýranPress gullugynyň anna güni beren habaryna görä, sebit we sebitara dostlukly ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary we harby hyzmatdaşlygy berkitmek we deňiz diplomatiýasyny ösdürmek bilen deňiz howpsuzlygy boýunça iş toparynyň üçünji ýygnagy Halkara arenasynda deňiz güýçleriniň güýjüni we yhtyýarlygyny görkezýär.

Hindistan, Päkistan, Taýland, Bangladeş we Omanyň deňiz güýçleriniň wekilleri Deňiz howpsuzlygy boýunça iş toparynyň üçünji mejlisine myhman boldular.

Hindi ummany sebitinde deňiz howpsuzlygyny gazanmak üçin Ions sammiti 2008-nji ýylda Hindi ummany bilen serhetdeş ýurtlaryň deňiz serkerdeleriniň gatnaşmagynda başlandy.

Tags