Oct 23, 2022 17:17 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşununyň Strategiki Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi, bu güýçiň Hindi ummany çägindäki ýurtlary sammitiniň deňiz howpsuzlygy iş toparynyň agzalary bilen bilelikde türgenleşik geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşununyň Strategiki deňiz güýçleriniň serkerdesi Amir admiral "Şahram Eýrani", Halkara Deňiz Howpsuzlygy Hyzmatdaşlyk Merkeziniň açylyş dabarasynyň çäginde EýranPress habar gullugy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Harby deňiz güýçleri yzly-yzyna ikinji gezek Ions Howpsuzlyk Iş toparyna ýolbaşçylyk etdi we döredilen howpsuzlykdan bu toparyň ähli agzalary peýdalandylar diýdi.

Admiral Eýrany sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy soňky iki ýylda bilelikdäki türgenleşigi geçirmegi teklip etdi we bu türgenleşigi geçirmekdäki päsgelçilikler aýryldy we ýakyn wagtda bu türgenleşigi geçirmek üçin tagalla ediljekdigini aýtdy.

Admiral Eýrany şeýle-de halkara deňiz howpsuzlygy hyzmatdaşlygynyň merkeziniň açylyşyna yşarat edip bu merkeziň döredilmegi, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň çäreleriniň biridir we açylmagy bilen sebitdäki parahatçylyk we howpsuzlyk barada alada edýän ýurtlaryň bir ýere jemlenip, maglumat alyşmak arkaly deňiziň howpsuz bolmagy üçin şertler döredildi diýdi.

Şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň üçünji sebitindäki Demirgazyk Hindi ummanynyň deňiz howpsuzlygyna gözegçilik merkezi (Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan we Bulujystan welaýatynyň Konark sebitinde) Eýran goşununyň harby deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Şahram Eýrani, "Ions"-a agza ýurtlaryň serkerdeleri we wekilleri we Eýrandaky daşary ýurtly harbylar bilen açyldy.

Deňiz howpsuzlygy boýunça iş toparynyň üçünji ýygnagy anna güni Tähranda, duşuşyga agza ýurtlaryň gatnaşmagynda we Eýran Yslam Respublikasynyň Harby-deňiz güýçleri tarapyndan geçirildi.