Nov 16, 2022 20:53 Asia/Ashgabat
  • Ykdysady zyýanlar, Eýranyň soňky bidüzgünçilikleriniň ýene bir tarapy

Duşmanlaryň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň käbir şäherlerinde bolup geçen soňky bidüzgünçilikleriň syýasy we jemgyýetçilik täsirlerinden başga-da möhüm ykdysady netijeleri bolandyr.

 

Jemgyýetiň arasynda ynamsyzlyk duýgusyny döretmek we durnuksyzlygy we näbelliligi ýokarlandyrmak bilen, bu bidüzgünçilikler ykdysady aktiwistlere ykdysady zyýanlary ýetişdirendir. Bu aralykda, Eýranda,soňky aýlardaky ykdysady görkezijiler gowulaşýan tendensiýany görkezdi ; Inflýasiýanyň derejesini 60-dan 40% -e çenli azaldy, eksporty ýokarlandyrdy we daşary söwda balansyny gowulandyrmak, walýuta hümmetiniň durnuklylygy, işsizligiň azalmagy we aýlyk hakynyň ýokarlanmagy bu ykdysady görkezijileriň mysalydyr geçen ýylda ykdysady ösüşiň bardygyny görkezýärdi.

Resmileriň bellemegine görä, soňky hepdelerde Eýranyň käbir sebitlerinde bolan bidüzgünçilikler  ýurduň ykdysadyýetine zyýanly täsir edipdir. Yslam rewolýusiýasy başlaly bäri ABŞ-yň sionist režimiň liderligindäki günbataryň syýasaty   Eýrana we onuň halkyna zyýan ýetişdirmekdi: 13-nji hökümetiň başyndan bäri ykdysady ösüş tizlige eýe bolansoň, duşmanlar bulam-bujarlygyň we tertipsizligiň döredilmegini ýola goýdylar.

Syýahatçylyk pudagy, Eýranyň ykdysady ösüşüne we iş orunlaryny döretmegine iň möhüm mümkinçiliklerinden biridir.   2019-njy ýylda jemi içerki önümdäki paýy 6,6 göterime deň boldy. Tähran welaýatynda ýerleşýän myhmanhanalaryň professional jemgyýetiniň statistikasyna görä, soňky hepdelerde ýüze çykan bidüzgünçilikleriň başlangyjy we dowamy bilen, myhmanhanalara syýahatçylaryň gelmeginiň derejesi Koronanyň iň ýokary döwrüne gaýdyp geldi we 70 -den gowrak prosent  myhmanhana gelýanleriň sany azaldy.  

 Bulam-bujurlyklar soňky hepdelerde walýuta we altyn bazarynda maýa goýum isleginiň azlalmagyna sebäp bolandyr.Eýrandaky bidüzgünçilikler, Kärhanalara we bölek satuw dükanlaryna zeper ýetirendir.

Soňky bidüzgünçilikleriň ýene bir ykdysady ýitgisi, kiçi telekeçilere edýän täsiridir.  

Ýokary okuw jaýyň ussady agzasy Allah Myrat Seýf bu meselede şeýle diýýär: "Gozgalaňlar meýilleşdirilýär we iň ýokary basyş strategiýasyna laýyklykda hereket edilýär, bularyň maksady ykdysadyýet we adaty durmuşy bozmakdyr.

 

Tags