Nov 16, 2022 21:18 Asia/Ashgabat
  • ÝB-yň we Iňlisleriň Eýrana garşy täze sanksiýalary

ÝB-yň we Iňlisleriň Eýrana garşy täze sanksiýalary; Şygaryň we hereketiň gapma-garşylygyny görkezýär.

  Ýewropa Bileleşigi we Angliýa duşenbe güni utgaşdyrylan çärede Eýrana garşy täze sanksiýalar girizdi. Eýranda adam hukuklaryny bozmak we gozgalaňçylary goldamak bahanasy bilen garaşsyz ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlygyň zerurlygy baradaky halkara kanunlaryny bozmak bilen, London 24 sany eýranly şahsyýeti we edarany sanksiýa sanawyna goşandygyny mälim etdi. Täze sanksiýalaryň arasynda Eýranyň Aragatnaşyk ministri "Isa Zarepouryň" ady hem bardyr.

Ýewropa Bileleşigi sanksiýalar sanawyna Eýranda 29 şahsyýeti we 3 guramany goşdy.Sanksiýa düşenleriň  arasynda 4 polisiýa işgäri, polisiýa güýçleriniň käbir welaýat serkerdeleriň we Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdeleriniň ady bardyr. Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Kyomars Heýdariň  hamana gozgalaňçylara garşy durmagy we Eýran halkynyň howpsuzlygyny bozmagy bahanasy bilen ady bu sanksiýalarda bardyr. Kiber polisiýasynyň başlygy Wahid Majid we Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi,  täze sanksiýalaryň arasynda bardyrlar.   Brýusseliň tarapynda sanksiýalara sezewar bolýan   Eýranlylaryň we edaralaryň sany 126 adama we 11 edara çenli artdy. Germaniýanyň kansleri Olaf Schultz, Günbataryň Eýranyň içerki işlerine goşulyşýan pozisiýalaryna laýyklykda we Eýrandaky bidüzgünçilikleri goldaýarka, gozgalaňçylaryň  hereketlerini "batyrgaý göreş" diýip häsiýetlendirdi we: "Sanksiýalar biziň ýolumyzdyr barha artýar Biz Eýrana basyş edýäris "-diýdi.

Ýewropanyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalarynyň arasynda iň köp ünsi özüne çekýän iňlis dilindäki hemra kanaly Press TV-ä girizilen sanksiýalardyr. Bu habar kanaly birnäçe ýyl bäri Günbatar metbugatynyň monopoliýasyny bozmak çemeleşmesi bilen habarlary we gepleşikleri çap edýär. Bu ugur günbatar hökümetleriniň gaharyny getirýärdi we şonuň üçin wagtal-wagtal YouTube, Instagram ýaly wirtual ulgamlarda Press TV-ni petiklemek ýaly çäreleri görýärler. şol bir wagtyň özünde basyş etmek bilen Press TV-iň aragatnaşyk hemralaryndan ýaýlymynyň dowam etmeginiň öňüni aldylar.

Indi Ýewropalylar Amerika bilen birlikde söz azatlygy we metbugat azatlygy şygaryna ters gelýär we Eýran Yslam Respublikasynyň pikirleriniň ýaýramagynyň dowam etmeginiň öňüni almak pikiri bilen, çäre görýärler. Press TV-iň  teleýaýlymyny boýkot etdiler. Emma Iran International tele ýaýlymy, Saud Arabystanynyň pullary we Londonyň täsiri astynda ýalanlary we beýleki weýran ediji we zyýanly işleri ýaýratmak bilen meşgullanýandygyny görkezdi.

 Eýrandaky bidüzgünçilikleri we gozgalaňçylary goldaýan we bidüzgünçilikleri dowam etdirmek üçin höweslendirmek we ýalan habar ýaýratmak bilen bir hatarda doly hereket azatlygy bolan bu habar beriş serişdeleri, hatda Molotow kokteýlleri we beýleki ýok ediji enjamlar ýasamak ýaly zorlukly hereketleri öwredýär.  

 

Tags