Nov 24, 2022 15:23 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we BAE-nyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Eýranyň we BAE-nyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Isna habar gullugynyň habaryna görä, "Huseýin Amir Abdollahian" we "Şeýh Abdullah bin Zaýed Al Nahýan", Eýranyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler ministrleri iki ýurduň umumy bähbitlere laýyklykda Eýran bilen BAE-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Al-Nahyan, Birleşen Arap Emirlikleriniň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýola goýmak üçin bilelikdäki işi we konstruktiw sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegine ünsi çekdi.

BAE-nyň Daşary işler ministri umumy gyzyklanma döredýän soňky sebit we global meseleler barada pikir alyşmak arkaly "ýurtlaryň özygtyýarlylygyny üpjün etmek we halkara kanunlaryny we BMG-nyň jarnamasyny goldamak" üçin diplomatik tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.