Nov 24, 2022 16:16 Asia/Ashgabat
  • Eýran Respublikasynyň Prezidenti: Duşmanyň sanksiýalaryna garamazdan nebit we nebit däl eksport kesilmedi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Duşmanyň sanksiýalaryna garamazdan Eýranyň nebit we nebit däl eksporty kesilmedi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Tähranyň günortasynda ýerleşýän Yslamşähr halkynyň arasynda eden çykyşynda duşmanyň talaplaryna, howplara we sanksiýalara garamazdan, ähli eýran halkynyň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurt dürli ykdysady, önümçilik we durmuş ugurlarynda öňe gidýär diýdi.

Raisi şeýle-de Eýranyň ýaşlarynyň tagallasy bilen ýurduň önümçilik we senagat merkezleri sanksiýalara garamazdan işleýär we işleýär, ýadro we goranmak, ylym we tehnologiýa we nano pudaklarynda gowy ösüşler gazanyldy we Eýran Yslam Respublikasy dünýäniň ylmy ugurlarynda köp hormat we abyraý gazandy diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda duşman, ýurtda döredilýän howplar we sanksiýalar sebäpli önümçilik kesiler diýip piki edýärdi ýöne başa barmady we adamlaryň berk erk-islegi, işiň we ösüşiň we işjeňligiň şeýle bolmagyna sebäp boldy welin, bilime esaslanýan adamlaryň işine seredýän her kim haýran galar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi penşenbe güni bu şähere baryp, gurluşyk taslamalaryna baryp gördi we Tähranyň günortasynda ýerleşýän Yslamşähryň ilaty bilen duşuşdy.

Tags