Nov 24, 2022 21:14 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň dürli künjeklerindäki basijiler Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşýarlar

Basij hepdesi mynasybetli, Yslam Eýranyň dürli künjeklerindäki Basij agzalary Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri bilen duşuşýarlar.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň dürli künjeklerindäki basijitler Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri bilen şenbe güni Ymam Homeýniniň (RA) Huseýniýasynda duşuşarlar.

Eýranyň dürli künjeklerinden bäş million Basij agzasy bu programma göni we wirtual aragatnaşyk arkaly gatnaşar.

Eýranyň dürli künjeklerindäki basijileriň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşygy KHAMENEI.IR metbugat we radio we teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden we Eýranyň bähbitlerinden global ulumsylygyň eliniň kesilmeginden soň, duşmanlaryň Eýrana garşy dildüwşükleri we pitneleri gün-günden köpelendir.

Şeýle ýagdaýda Ymam Homeýni (RA) 1979-njy ýylyň 26-njy noýabrynda (1358-nji ýylyň 5-nji Azary) Basij Mustazafan guramasynyň döredilmegi barada karar çykardy.