06 Awgust 2019, 17:00
  • Ruhani:Amerikanyň gadaganlyklary Zarif bilen Sepah güýjüniň dünýä milletleriniň ýüreklerinde orun tapmaklaryna sebäp bolandyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň gadaganlyklary sebäpli Eýranyň daşary işler ministri we Sepah Pasdaran güýjüniň dünýä we sebit milletleriniň ýanynda orun mertebeleriniň ýokary galandygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli jogapkärlerini duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň gadaganlyklary Waşington üçin ters netijeleri çykarandyr diýmek bilen Amerikanyň ýola berýän gadaganlyklary Eýran milletiniň jebisligini artdyrýandyr we biziň milletimiz abyraý bilen bütin kynçylyklary arka atarlar diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Amerikanyň taryhynda bu ýurduň abyraýyny döken Ak-Tamyň häzirki häkimleri ýaly häkimler gaty az görürlip eşidilendir diýmek bilen Amerika döwleti diňe bir ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda çykmakda dälde Ýewropa basyş bermek,BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda,Warşo maslahatynda şeýle-de Palestina we Gallant meselelerinde ýeke galandyr diýip nygtap geçdi.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçiliklerini azaldylmagyna yşarat edip hiç kim bu mesele babatly hukuky we syýasy taýdan Eýrany aýyplap bilmez diýip beýan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Britanýanyň nebit çekýän gämisiniň Hormoz Bogazynda tutulmagyna hem yşarat edip Britaniýanyň gämileri kanunlara we Eýranyň berýän duýduryşlaryna üns bermeýärdiler şonuň üçin hem Eýran bu işi etmeli boldy diýip yglan etdi.

Tag

Teswirler