07 Awgust 2019, 13:25
  • Ruhani: Amerikanyň gadaganlyklaryndan soňra Sepah bilen Eýranyň daşary işler ministriniň abraýy artandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň , Eýranyň daşary işler ministri we Sepah Pasdarana garşy amala aşyran gadaganlyklaryndan soňra dünýä derejesinde abraýynyň artanlygyny aýtdy.

şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň daşary işler ministrliginiň başlygy, müdirleri we orunbasarlary bilen geçireduşuşygynda Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran gadaganlyklarynyň ters netije berenligini aýtmak bilen Amerikanyň gadaganlyklary Eýran milleti daýandyrandyr we Eýran milleti üstünlik bilen kynçylyklary başdan geçirjekdir diýip nygtap geçdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözleriniň dowamynda Ak Tamy eýelän pis häkimleriň taýy heniz görülen däldir diýmek bilen Amerika diňe ýadro ylalaşygyndan çykmakda ýeke galan däldir belkide Ýewropa Bileleşigine basyş bermekde, BMG-niň howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda , Warşawa maslahatynda şeýle-de Palestina we Golan meselelerinde hem ýeke galandyr diýip beýan etdi.

Tag

Teswirler