24 Awgust 2019, 16:20
  • serdar Salami:Pars Aýlagynyň howpsuzlygy Eýranyň huzury bilen berkarar bolar

Yslam Ynkylabynyň Pasdarlar Sepah güýjüniň serkerdesi serdar Salami Pars Aýlagynyň howpsuzlygy Eýranyň ýaragly güýçleriniň huzury bilen üpjün bolar diýip yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yslam Ynkylabynyň Pasdarlar Sepah güýjüniň serkerdesi serdar Salami şu gün Maşad-da ylmyýe hewzeleriň besij ussatlarynyň ýylyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde duşmanlar Pars Aýlagyň howpsuzlygyna zarba urup başaran däldirler diýip yglan etdi.

Eýran yslam Respublikasy döwüre bap goranyş sistemalary üstünlikli ýerine ýetirendir we indiden soň hem duşmanyň howpunyň öňüni almak ugurda bu ýoly dowam etjekdir diýip serdar Salami beýan etdi.

serdar Salami şeýle-de duşmanyň Eýran milletine basyş bermek ugurda tagalla edýänligine yşarat edip emma Eýran milleti hemişekiler ýaly meýdanda huzurly bolup yslam düzgünini hemaýatlamak bilen hem-de mertebesi belent ýolbaşça eýermek bilen duşmany numyt etjekdigini nygtady.

Tag

Teswirler