19 Sentýabr 2019, 16:30
  • Firuzabadi:Aziýanyň günbataryndaky ähli dartgynlylyklar Amerikadan gözbaş alýandyr

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk komissiýasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Aziýanyň günbataryndaky ähli dartgynlylyklaryň Amerikadan gözbaş alýandygyna salgylanyp sebitde dartgynlylygyň güýjürgemegi Amerikanyň bähbidinedir diýdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk komissiýasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Kamal Dehgani Firuzabadi öten agşam Eýranyň 2-nji tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerika döwleti Eýrany gorkunç görkezmek bilen sebit ýurtlaryna öz ýaraglaryny satmagyň yzyndadygyna yşarat edip bu ugurda sebitiň kä ýurtlarynyň Amerikanyň duzagyna düşendigini aýtdy.

sebitiň kä ýurtlary Sionist režiminiň el gatyjylykly hereketleri bilen garşylaşmagyň ýerine Amerikanyň buýrygy boýunça Ýemene hüjüm edendirler diýip Firuzabadi belläp geçdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk komissiýasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy şeýle-de Saud Arabystanyň Aramko nebit şereketine hüjüm etmekde Ýemen ilatynyň batyrgaýlykly operasiýasyna yşarat edip bu operasiýa sebitde ähli modern harby enjamlara eýe bolan Amerikany kiçeldendir diýdi.

 

Tag

Teswirler