19 Sentýabr 2019, 17:27
  • Zarif:Amerikanyň ykdysady terrorizmi adamzada garşy jenaýatdyr

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Donald Trampyň Eýrana garşy gadaganlyklary we basyşlary güýçlendirmek baradaky tutumyna gaýtawul berip özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda Amerikanyň ykdysady terrorizmi bikanun we adamzada garşy bolan jenaýatdyr diýip ýazdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Trampyň bu gadaganlyklary Eýran milletiniň tersinedir diýmek bilen uruşy we terrory togtadyň diýip nygtady.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp düýn bu ýurduň maliýe ministri Mnuçine beren buýrygynda Eýrana garşy gadaganlyklaryň güýçlendirilmegini nygtandyr.

Amerika döwleti geçen ýylyň Maý aýynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan kenara çekileni soň Eýrana garşy hemme taraplaýyň basyňlary ýola berip ugrandyr.

Waşingtonyň yglan etmegine görä,Eýrana garşy gaty güýçli basyşlary bermekden maksat Amerikanyň göz öňüne tutýan hemme meselelerde Tehran bilen täze ylalaşyga ýetmekdir.

Teswirler