19 Sentýabr 2019, 21:00
  • Zarif:Eýrana garşy hüjüm uly uruşy turuzar

Eýranyň daşary işler ministri Eýran özüni goramakda hergiz gyplat etmez diýmek bilen Eýrana garşy hüjüm uly uruşy yzyna tirkäp el gatyjylaryň köpüsiniň heläk bolmaklaryna sebäp bolar diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif CNN tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýrana garşy her hilli harby herekete baş goşmagyň netijesi barada Amerika we Arabystana duýduryş berip Eýran hergiz uruşyň yzynda bolan däldir we sebitde harby çaknyşyklaryň bolmagyny isleýän däldir diýip yglan etdi.

Zarif Arabystanyň nebit gurluşyklaryna edilen hüjümde Eýranyň eliniň bolmagyny ret edip Ýemeniň goşun güýji bu hüjümiň jogapkärçiligini boýun alandyr we Ýemenli güýçler hem el gatyjylaryň hüjümleriniň garşysynda özlerini goraýandyrlar diýip beýan etdi.

 

Tag

Teswirler