20 Sentýabr 2019, 17:50
  • Tehraniň juma ymamy: Eýranyň garşysynda Amerika ýalana ýüzlenendir

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Ýemen meselesinde Ameirkalylaryň Eýrana ýapýan aýyplamalaryna yşarat edip Eýranyň garşysynda Amerika ýalana ýüzlenendir diýdi.

Ýemeniň goşun we halk güýçleriniň uçarmansyz uçarlar bölümi geçen şenbe güni Saud Birliginiň ýemendäki jenaýatlarynyň gaýtawulynda 10 sany ýerli uçarmansyz uçarlar bilen Arabystanyň nebit kompaniýasyna degişli Bagig bilen Haris kärhanalaryna hüjüm etdi.

ýemenlileriň şol operasiýalaryndan soňra hem Amerikalylar Eýran Yslam respublikasyna garşy esassyz we puç toslamalaryny gaýtalap ýemenlileriň uçarmansyz uçarlar bilen eden hüjümleriniň aňrysynda Tehraniň bolanlygyny tosladylar.

şeýle halda Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Amerikalylar Eýrana garşy ykdysady we syýasy agramlary bermeklerinde ýeňilmeklerinden soňra ýalan gürrüňleri bilen Eýrany aýyplamaklyga ýüzlendiler diiýp sözlerine goşdy.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Amerika we onuň ýaranlary Eýran Yslam respublikasynyň garşysynda hiç bir işi edip bilmezler diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani şeýle-de Mukaddes gorag hepdesini gadyrlap goranmak işler dürli meýdanlary we dürli örileri öz içine alýar we Eýranyň ilaty henizem duşmanlaryň syýasy, ykdysady , sosial we medeni ugurlardaky hileleriniň garşysynda özlerini goraýandyrlar diýdi.

Tag

Teswirler