22 Sentýabr 2019, 21:21
  • Musawi: Saud režimi Ýemende günäsiz adamlary gyrana bermekden el götersin

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Arabystanyň nebit gurluşyklaryna edilen hüjümiň jogapkärçiligi barada bu režimiň käbir resmileriniň ara atýan puç toslamalaryny ret etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi öten agşam eden çykyşynda Arabystan döwletiniň Eýranyň Saud Arabystana duşmançylyk etmegi baradaky puç hyýallary bilen hemişe hakykatlardan gaçyp Eýrany aýyplan bolmagy gynandyrjydyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şeýle-de Arabystanyň döwletine beýlekileri aýyplamagyň ýerine herne çaltrak Ýemeniň günäsiz ynsanlarynyň ölmeklerinden  we bu ýurdyň dargamagyndan başga hiç hili netijesi bolmadyk ýemen urşyna soň bermegini tabşyrdy.

Tag

Teswirler