02 Oktýabr 2019, 22:14
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçy: aňrybaş basyş bermek syýasaty şowsuzlyga uçrady

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Amerikanyň aňrybaş basyş bermek syýasatynyň şosuzlyga uçranlygyna we agalyk düzgüniň garşysynda Eýranyň boýun bolmanlygyna yşarat edip Eýran oňat netijä ýetýän mahalyna çenli ýadro ylalaşykdaky borçlaryny azaltmak işini çynlakaýlyk bilen dowam etjekdir diýdiler.

şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň serkerdeleriniň müňlerçesiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikalylaryň, Eýrany hatda simwolik tärde bolsada ýeňilen tarap höküminde görkezjek bolup eden tagallalarynyň ýeňilendigine yşarat edip olar yslam Eýranyň prezidentini duşuşyk geçirmeklige mejburlamak üçin ýalbardylar we ýewropaly dostlaryndan kömek islediler emma başarmadylarşeýle halda şu wagta çenli aňrybaş agram bermek syýasatlary ýeňilendir we men olaryň mydama bu syýasatda ýeňiljekdiklerini aýtýaryn diýip sözlerine goşdylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri şeýle-de ýadro meselesine yşarat edip ýadro borçlaryň azaldylmagynyň jogapkärçiligi Eýranyň atom energiýa guramasynyň üstünedir bu iş döwletiň yglan edişi ýaly oňat netijä ýetilýän zamana çenli anyk we doly çynlakaýlyk bilen dowam edilmelidir we hökman netijä ýetjekdir diýdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleriduşmanlaryň ylaýtada Amerikanyň, Owganystan, Yrak we Siriýada eden harçlaryna yşarat edip olar köp harç edip DAEŞ-i döretdiler we oňa ýarag we maliýe hemaýatlary berdiler şeýle halda indi Siriýa, Yrak we Eýranyň ýaş oglanlarynyň hümmet etmekleri bilen DAEŞ-iň ýok bolan zamanynda olar DAEŞ-i ýok etdik diýip aýdan bolýandyrlar diýip beýan etdiler,

Tag

Teswirler