07 Oktýabr 2019, 17:33
  • serdar Fadawi:Eýran Yslam Respublikasy ýokary kuwwatlylykdan paýlydyr

yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň baş serkerdesiniň orunbasary Eýran Yslam Respublikasynyň kuwwatlylygynyň we goranyş başarnygynyň duşmanlar tarapyndan ykrar edilenligine yşarat edip Eýran ýokary kuwwatlylykdan paýlydyr diýdi.

şu gün Sepah news habarlar gullugynyň beren habaryna görä,yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň baş serkerdesiniň orunbasary admiral Ali Fadawi bolup geçen wakalaryň duşmanlaryň aýratynda Amerikalylaryň we Ýewropalylaryň yslam ynkylabynyň gudratyny ykrar etmeklerine sebäp bolandygyna yşarat edip indi duşmanlar Eýranyň gudratyndan we yslam ynkylabynyň mäkämliginden habarly bolandyrlar diýdi.

duşmanlar Eýrana urgy urmak üçin bar güýji bilen tagalla etselerde emma olaryň bu tagallalary netije bermez diýip serdar Fadawi aýtdy.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleriň 2016-nji ýylyň 31-nji Awgustynda goranmak ministriň hem-de bu ministrliginiň ozarmanlary we jogapkärleri bilen geçiren duşuşygynda goranmak we hüjümçilik kuwwatlylygynyň artdyrylmagyny Eýran Yslam Respublikasynyň aýdyň haky bilipdiler

Tag

Teswirler