08 Oktýabr 2019, 20:53
  • beýik liderimiz:Eýran bilen Yrak milletleri Allaga bolan imanlary we Ymam Huseýin(as) hezretlerine bildirýän muhabbetleri bilen biri birilerine baglydyrlar

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Yragyň soňky hadysalary bilen baglanşykda özüniň twitter sahypasynda beren sargydynda Eýran bilen Yrak milletleriniň agzybirligini nygtadylar.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Allaga imanly bolmak,ähli beýt we Ymam Huseýin(as)a muhabbet bildirmegiň saýasynda tenleri,ýürekleri we ruhlary biri birlerine ilteşikli bolan Eýran bilen Yrak milletleriniň jebisligi günme gün artjakdyr diýip Aýatolla Hameneýi hezretleri özüniň ýaňky twitter sargydynda nygtadylar.

duşmanlar agzalalyk döretmek ugurda tagalla edýändirler emma olaryň bu hileleri netijesiz bolar diýip Aýatolla Hameneýi hezretleriniň bu sargydynda getirilýär.

soňky günlerde Yragyň bir näçe şäherleri şol sanda Bagdat umumy gulluklaryň erbetligine arzaly bolan ilatyň protestlerine şaýatdyrlar.şaýatlyklar bu protestler daşardan guramalaşdyrylandyklaryny görkezýändir.

Teswirler