21 Oktýabr 2019, 16:15
  • Zarif:halkara düzgünde köp taraplylyk bir zerurlykdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri halkara köpçüliginde köp taraplylygy bir zerurlyk bilmek bilen halkara düzgünde bir taraplylyk syýasatlary ret etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Tehranda halkara hukuk we bir taraplaýyn syýasat ady bilen geçirilen ýygnagda beren gürrüňlerinde döwletler özara kynçylyklaryny bir özleriniň çözüp bilmejekdiklerine şeýle-de başgalaryň ýaramaz işleriniň öňüni bir özleriniň alyp bilmejekdiklerine göz ýetirendirler oňa görä döwletler köp taraplylyga ymtylyp durandyrlar diýip beýan etdi.

indi hiç bir döwlet bir özi dünýä üçin tutum tutup bilmez diýip Eýranyň daşary işler ministri sözlerine goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Günbatarsyz dünýä diýen ybarata hem yşarat edip bu ybarartdan maksat bütin wakalaryň diňe günbatarda ýüze çykmandygyny we günbataryň bir özüniň bütin dünýä üçin tutum tutup bilmeýändigini ýatlara bermeklikdir diýip beýan etdi.

halkara hukuk we bir taraplaýyn syýasat atly deslapky konferensiýa şu gün Tehranyň Allama Tabatabaýi ýokary okuw jaýynda geçirildi

Teswirler