21 Oktýabr 2019, 16:48
  • Musawi:Eýran ýadro ylalaşygyndaky jogapkärçiliklerini azaltmaga 4-nji ädime taýýarlyk görýär

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda 4-nji ädime taýýarlyk görýändigini habar berdi.

Musawi şu gün Tehranda içeri we daşary ýurt habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde bu habary yglan etmek bilen 4-nji ädimiň programasy belli edilendir we Eýran ony ýerine ýetirmäge taýýarlyk görýändir diýip beýan etdi.

Eýran 4-nji ädimi ätmez ýaly ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda galan döwletler öz borçlaryna amal etsinler diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi aýtdy.

Musawi şeýle-de ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramak barada Fransiýa bilen Ýaponiýanyň ileri süren 18 milliard dollarlyk taslamasyna yşarat edip bu taslama mundan ozal Fransiýanyň ileri süren taslamasydy emma başga ýurtdan ruhsat almaly bolansaň bu taslama şu mahala çenli netije beren däldir.

Tag

Teswirler