12 Noýabr 2019, 19:21
  • Aragçi:Eýranyň jogapkärçiliklerini azaltmakdan maksady ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramakdyr

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçiliklerini azaltmakdan Tehranyň yzarlaýan maksady bu ylalaşygy goramakdyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Orsýetiň RT tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň 36-nji bendi esasynda egerde bu ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar öz borçlarynda tapylmasalar Eýran hem özüniň jogapkärçiliklerini dolylaýyn ýada ädim ädim azaltmaga haklydyr emma Eýran diplomatiýa pursat galar ýaly öz jogapkärçiliklerini ädim ädim we tapgyrlaýyn suratda azaldyp durandyr diýdi.

Aragçi şeýle-de Eýranyň ýadro ýaragyň yzynda däldigine eýsem bu ýarag bilen duşmandygyna şek şubhe ýokdyr diýmek bilen Eýranyň ýadrolyk syýasaty aýdyňdyr we Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň beren petwasy boýunça ýadro ýaragyň ulanylmagy haramdyr şoňa görä bu programa Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlyk ideologiýasynda asla orny ýokdyr diýip beýan etdi.

Eýran ýadro ylalaşygyndaky özüniň bütin jogapkärçiliklerine amal edendir emma gynansakda bu ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar öz jogapkärçiliklerinde tapylan däldirler galy bersede halkara atom energiýasy agentligi hem özüniň 16 hasabatynda Eýranyň öz borçlaryny bir kemsyz ýerine ýetirendigini tassyklandyr diýip Aragçi sözlerine goşdy.

Tag

Teswirler