12 Noýabr 2019, 22:24
  • Zarif:Eýran ýadro ylalaşykda özüniň gaýtawul bermek hukukyndan peýdalanyp durandyr

Eýranyň daşary işler ministri Germaniýa,Fransiýa we Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň çykaran beýannamalaryň gaýtawulynda durmuşda Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky özüniň gaýtawul beriş hukukyndan peýdalanyp durandyr diýdi.

Germaniýa,Fransiýa we Britaniýanyň daşary işler ministrleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda özleriniň jogapkärçiliklerinde tapylmazlyklaryna yşarat etmezden Eýranyň bu ylalaşykdaky öz jogapkärçiligini azaltmakda äden 4-nji ädimine howatyrlanma bildirip düýn bilelikde beýannama çykardylar.

Ýewropaly taraplar bu beýannamada ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny bütin taraplaryň ýerine ýetirmeklerini nygtap Fordo gurluşygynda Eýranyň gaýtadan urany baýlaşdyrmagyndan özleriniň howatyrlanýandyklaryny yglan etdiler.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün özüniň Twitter sahypasynda 2018-nji ýylyň 6-nji Noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkärine ýazan hatynyň suratyny goýup:Eýran ýadro ylalaşykda özüniň paýyna düşýän jogapkärçiliklerini doly suratda ýerine ýetirendir emma geçen 18 aýda bolşy ýaly Ýewropalylar bu ylalaşykdaky öz jogapkärçiliklerinde tapylan däldirler diýip ýazdy.

Eýran durmuşda bu ylalaşygyň 36-nji bendine laýyklykda garşy taraplara gaýtawul berip durandyr diýip Zarif sözlerine goşdy.

Tag

Teswirler