14 Noýabr 2019, 16:59
  • Ruhani:Palestina we Kudus yslam dünýäsiniň iň möhüm meselesidir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Palestina we Kudus meselesini yslam dünýäsini iň möhüm meselesi bilmek bilen yslam dünýäsiniň umumy pikiri Kudus we Palestina meseleleriniň unudylmaklaryna rugsat bermezler diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün Yslam Birleşigiň 33-nji halkara konferensiýasynyň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde yslam dünýäsi oýalygynyň we hüşgärliginiň saýasynda Amerika we Sionist režimiň syýasatlarynyň şowsuzlyga uçramaklaryna yşarat edip Owganystan,Yrak we Ýemen ilatlarynyň gyrana berilmekleri we yslamy ýurtlarda agzalalygyň döredilmegi Amerikanyň sebitde yzarlaýan şum syýasatlarynyň netijesidir diýip nygtady.

prezident Ruhani Palestinanyň Palestinalylaryň we sebitiň gahryman milletleri tarapyndan azat edilmelidir diýmek bilen sebitiň ýaşlary Amerikanyň musulmanlaryň dosty däldigi we dosty hem bolmajakdygyny we sebitiň kynçylyklarynyň sebit ilaty tarapyndan çözülmelidigini bilmelidirler diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sebitiň käbir musulman ýurtlarynyň Sionist režimi bilen aragatnaşykda bolmaklaryny ýazgaryp Eýran Yslam Respublikasy Palestina milletinden arka çykmakda Amerika we Sionist režimi bilen garşylaşyp durandyr diýip nygtady.

Tag

Teswirler