14 Noýabr 2019, 22:07
  • Sattari:gadaganlyklar Eýranyň tehnologiýalar ugurynda tagalla edýän şereketleriniň ösmeklerine pursat döredendir

Eýranyň prezidentiniň tehnologiýa we ylmy işler boýunça orunbasary Sorena Sattari Amerikanyň gadaganlyklary we onuň döredip duran kynçylyklary Eýranyň tehnologiýa ugurda zähmet çekýän şereketleri üçin bir pursatdyr diýmek bilen olar ýurduň içeriki bazarlaryna daýanyp ösüp öňe gidip bilerler diýip ynam bildirdi.

Eýranyň prezidentiniň tehnologiýa we ylmy işler boýunça orunbasary Sorena Sattari Hytaýyň komunist partiýasynyň halkara işler boýunça ministri Sun Taoyň duşuşygynda iki ýurt özara gatnaşyklary ösdürmekde tehnologiýa we ylmy örilerden bir pursat höküminde peýdalanyp bilerler diýip nygtady.

Hytaýyň komunist partiýasynyň halkara işler boýunça ministri Sun Tao hem bu duşuşykda iki ýurduň aragatnaşyklarynyň ähmiýetine yşarat edip Pekin mydama Eýranyň hak hukuklaryndan arka çykandyr diýip yglan etdi.

Sun Tao şeýle-de Tehrana gurnan saparynda Pardis tehnologiýa parkyny ýakyndan görendigine yşarat edip Eýran tehnologiýa we ylmy taýdan gaty ösendir diýdi.

Tag

Teswirler