Noýabr 28, 2019 19:16 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Yrak döwleti Eýranyň konsullygyna hüjüm edenlere jogapkärçilik bilen gaýtawul bermelidir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün ertir bilen Yragyň Najaf şäherindäki Eýranyň konsullygyna garşy amala aşyrlan hüjümi ýazgarmak bilen bir wagtdabu hüjüme baş goşanlaryň garşysynda Yrak döwletiniň berk durmagyny isledi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi bu hüjümi ýazgarmak we diplomatik mekanlary goramak baradaky Yrak döwletiniň wezipelerini ýatlamak bilen Eýrany gaty nägileligini resmi tärde Yragyň Tehrandaky ilçisine yglan edendir diýip nygtady.

çarşenbe agşamy bir topar hüjümçi Yragyň ykdysady ýagdaýna nägilelik bildirmek ugurdaky hereketleriniň dowamynda Najaf şäherindäki Eýranyň konsullygyna hüjüm edip onuň bir bölegini otladylar.

 

Teswirler