Dekabr 04, 2019 15:59 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani:Eýran gadaganlyklaryň garşysynda çydamyny dowam berjekdir

Eýranyň prezidenti duşmanyň geçen iki ýyllykda Eýran ilatynyň tersine güýçli gadaganlyklary ýola berendir diýmek bilen Eýran bu gadaganlyklaryň garşysynda özüniň çydamyny dowam berjekdir diýdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Tehranda ätiýaçlandyryş we ösüş boýunça 26-nji ýygnagda beren gürrüňlerinde Amerika döwletiniň,Sionist we Saud režimleriniň täsirinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp Eýrana garşy basyşlaryny güýçlendirendigini ýatladyp Eýran milleti ýurduň yzzaty we garaşsyzlygy ugurynda soňky demlerine çenli duşmanlaryň garşysynda durjakdyrlar diýdi.

prezident Ruhani Eýran söhbetdeşligiň uguryny baglan däldir diýmek bilen Amerika özüniň nä-dogry,bikanun,zalymlykly we terrorçylykly gadaganlyklaryny ýatyrsa 5+1 ýurtlaryň başlyklary duşuşyk geçirip bilerler we Eýranyň oň bilen kynçylygy bolmaz diýip beýan etdi.

prezident Hasan Ruhani Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçilikleriniň azaldylmagyny bu ylalaşygyň çarçuwasynda bilip Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny bozan däldir diýdi.

Ruhani Eýranda ýüze çykan soňky bulagaýçylyklara hem yşarat edip tutulan bozgunçylar özleriniň telek niýetler bilen guramalaşan görnüşde bu hadysalara gatnaşandyklaryny ykrar edendirler diýip yglan etdi.

Tag

Teswirler