Dekabr 08, 2019 14:20 Asia/Ashgabat
  • 1399-njy ýylyň býujetinde Eýran nebite garaşlylykdan halas bolýar

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani 1399-njy ýylyň býujetini mejlise gowşuran mahaly eden çykyşynda geljek ýylyň býujeti nebite onçakly garaşlylygy ýokdyr diýdi.

1399-njy ýylyň býujeti 484 müň milliard tümendir diýip prezident Hasan Ruhani sözüne goşdy.

Eýranyň meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Muhammet Bager Nowbaht hem 1399-njy ýylyň býujetiniň maliýe çeşmeleri nebite onçakly baglanşygy ýokdyr we nebitden bolan girdejileri ýekeje riýaly hem harç ediljek däldir diýip nygtady.

Eýranyň meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Muhammet Bager Nowbaht sözüniň dowamynda nebitiň girdejesiniň öwezini doljak maliýe çeşmeleri sanap geçdi we ýangyç we energiýanyň ýaşryn subsitlerinden, salgytdan we döwlet emläklerini işjeňleşdirmekden at çekdi.

Eýranyň meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Muhammet Bager Nowbaht şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy nebit gadaganlyklary Eýran döwletiniň nebite garaşlylykdan halas bolmak ugurda köpräk tagalla etmegine sebäp boldy diýip beýan etdi.

 

 

Teswirler