Dekabr 08, 2019 18:24 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri Tehran bilen Maskatyň aragatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri şu gün Tehranda Omanyň söwda we senagat ministri Ali Bin Masud al Sunaidyny garşy alan mahaly beren gürrüňlerinde Eýran özüniň Oman bilen saklanýan ara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini garşy alýandyr diýdi.

Jahangiri Eýran bilen Omanyň arasyndaky dostlukly arabaglanşyklar sebitiň beýleki ýurtlary üçin bir nusgadyr diýmek bilen Eýran bilen Omanyň arkalaşyklary sebit ýurtlary we yslam dünýäsi üçin peýdalydyr diýip beýan etdi.

bu duşuşykda Omanyň söwda we senagat ministri al Sunaidyny hem üstümizdäki ýylda iki ýurduň täjirleriniň göni tärde arkalaşyk saklaýandyklaryny aýdyp bu hilli arabaglanşyklar iki ýurduň söwda arkalaşyklarynda aýdyň göz ýetimi buşlaýandyr diýip ynam bildirdi.

Teswirler