Dekabr 13, 2019 19:11 Asia/Ashgabat
  • Harrazi günbatar döwletleriň garaşsyz ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmagyny tankyt etdi

Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy günbataryň, garaşsyz ýurtlaryň işlerinde kynçylyk döretmegini tankyt edip , Aziýa ýurtlaryň ilaty durmuşky syýasy ýörelgelerini öz siwilizasiýa we medeniýet gymmatlyklary esasynda düzmelidirler diýdi.

Seýed kamal Harrazi Tehranda Hytaýyň Tsinghua Universitetiniň halkara gatnaşyklar pudagynyň başlygy Yan Xuetong bilen geçiren duşuşygynda adamzad siwilizasiýasynda iki ýurdyň möhüm rolynyň bardygyny aýdyp iki milletiň tejribelerinden haýyrlanylmagy üçin ylym-bilimiň we siwilizasiýa esasynda işleriň alyşyp-berişilmegi gaty peýdaly boljakdyr diýip sözüne goşdy.

Hytaýyň Tsinghua Universitetiniň halkara gatnaşyklar pudagynyň başlygy Yan Xuetong hem Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Seýed kamal Harrazi  bilen geçiren duşuşygynda Tehran-Pekiniň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtap Hytaýlylaryň Eýrana sapar etmegi ugrunda wizanyň ýatyrylmagy barada Eýranyň tutan tutumyny syýahatçylyk senagatyň ösdürilmegin üçin gaty möhüm wasp etdi.

Tag

Teswirler