Ýanwar 05, 2020 21:25 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani:Eýran el-gatyjylykly hereketlere hemişe jogap berendir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani serdar Gasym Suleýmaniň Amerika tarapyndan şehit edilmegini bir uly jenaýat bilmek bilen Eýran hiç mahal hüjümiň başyny başlan däldir emma hemişe hüjümlere we el-gatyjylykly hereketlere jogap berendir diýip yglan etdi.

prezident Hasan Ruhani şu gün Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde general Gasym Suleýmaniň Amerika tarapyndan terror edilmegini Eýran milletiniň hakynda ýola berilen uly jenaýat bilmek bilen Eýran özüniň goňşy döwletlerinden jenaýatkärleriň bu jenaýatyny bir ses bolup ýazgarmagyna garaşýandyr diýip yglan etdi.

Ruhani şeýle-de Owganystanyň parahatçylygynyň Eýran üçin gaty ähmiýetlidigine yşarat edip Owganystanda durnuklylygyň berkarar bolmagyny iki milletiň bähbidinedir diýdi.

bu söhbetdeşlikde Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşarf Gani hem serdar Suleýmaniň şehit edilmegi mynasybetli pata aýtmak bilen bu ajy wakada Owganystan döwleti we milleti goňşy musulman we dogan Eýran milletine we döwletine duýgydaşlyk bildirýändirler diýip yglan etdi.

Tag

Teswirler