Ýanwar 09, 2020 19:22 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Ýewropa Bileleşigi Waşingtondan garaşsyz hereket etmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň ýola berýän ýalňyşlyklaryny Waşingtonyň Eýrandyr sebiti dogry tanamazlygynyň nyşanlaryndan bilmek bilen Ýewropa Bileleşigi Waşingtondan garaşsyz hereket edip Eýranyň Ýewropada numyt bolmagyna ýol bermeli däldir diýip nygtady.

prezident Ruhani şu gün Ýewropa geňeşiniň başlygy Çarles miçel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolanda beren gürrüňlerinde Ýewropa Bileleşigi sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna ýardam etmegiň yzynda bolsa Tehran Ýewropa Bileleşigi bilen arkalaşmaga taýýardyr diýip yglan etdi.

prezident Ruhani Ýewropa Amerikanyň ýola beren terrorçylykly hereketine gaýtawul görkezmelidir diýmek bilen Amerika Eýrana garşy gadaganlyklary hatda Eýranyň dewa derman bölümine garşy gadaganlyklary güýçlendirip ykdysady terrorizme baş goşandyr we Eýranyň uly harby serkerdesini terror etmek bilen halyk-ara kanunlary aýak aşaga salandyr diýip sözlerine goşdy.

Amerikanyň general Suleýmanini terror etmekde ýola beren hereketini ýazgarmakda dünýä derejesinde ýaýbaň protestler ýola berilendir bu protestler sebitiň durnuklylygynda we howpsuzlygynda serdar Suleýmaniň aýgytly rolynyň bolandygyny subut edýändir diýip prezident Ruhani aýtdy.

Ruhani şeýle-de ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçiliklerini azaltmakda Tehranyň äden 5-nji ädimini bu ylalaşykda iki tarapyň arasynda deňlik döretmek ugurda ädilen ädim bilip şondan gelende Eýran özüniň halkara atom agentligi bilen saklaýan arkalaşyklaryny dowam eder diýip yglan etdi.

bu söhbetdeşlikde Ýewropa geňeşiniň başlygy Çarles Miçel hem Eýranda ýüze çykan hadysalar sebäpli özüniň duýgydaşlygyny yglan edip ýadro ylalaşygyň iş maslahaty 10 ýyl uzaga çeken söhbetdeşlikleriň miwesidir şonuň üçin Ýewropa Bileleşigi bu ylalaşygy goramak ugurda elde baryny gaýgyrmaz diýip beýan etdi.

Tag

Teswirler