Ýanwar 09, 2020 20:30 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:egerde şehit Suleýmaniň bitiren işleri bolman bolsady Londondaky häzirki howpsuzlygy görmezdiňiz

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Britaniýanyň premýer ministri Boris Johnson bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde egerde general Gasym Suleýmaniň bitiren işleri bolman bolsady siz Londonyň häzirki howpsuzlygyna şaýat bolmazdyňyz diýip nygtady.

prezident Ruhani ýaňky söhbetdeşlikde Eýranyň Birleşen Milletler Guramanyň jarnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda Amerikanyň Yrakdaky bazalaryny urandygyny ýatladyp şehit serdar Suleýmani sebit milletleriniň hemmesiniň dosty we terrorizme garşy göreşiň gahrymanydy diýip yglan etdi.

prezident Ruhani Amerikanyň ýola berýän işleriniň sebitiň howpsuzlygyna wehim abandyrýandygyna yşarat edip eger Amerika ýene ýalňyşaýsa Eýranyň berk gaýtawulyna gabat geler diýip beýan etdi.

Ruhani şele-de general Gasym Suleýmaniň Amerika tarapyndan terror edilmegi ugurynda Britaniýa resmileriniň kä birsiniň aýdan gürrüňlerine tankyt bildirmek bilen olaryň Gasym Suleýmanie dogry baha bermeklerini islemek bilen Amerikanyň  Suleýmanini terror etmekde ýola beren işi halkara kanunlaryň tersinedi diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de sebitiň soňky kynçylyklarynyň kökini Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan bir taraplaýyn çykmaklygy bildi.

Boris Johnson hem bu söhbetdeşlikde Eýranda ýüze çykan soňky wakalar üçin tesella aýtmak bilen igenşikleriň güýjürgäp sebitdäki Britaniýaly harbylaryň janlarynyň howpa düşmegi barada howatyrlanma bildirmek bilen bütin taraplary köşgenlige çagyrdy.

Tag

Teswirler