Ýanwar 12, 2020 20:31 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran kataryň ýanynda galjakdyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sebitiň käbir ýurtlary , Katara garşy çäklikleri döretdiler emma Eýran goňşyçylyk borçlary boýunça kataryň ýanynda boldy we onuň ýanynda galjakdyr diýdi.

şu gün ikindin prezident Hasan Ruhani Kataryň emiri Şyh Tamim bin Hamad Al-Sani bilen bilelikde geçiren habar konferensiýasynda durmuşda iki ýurdyň syýasy gatnaşyklary has gowydyr we ikitarapyň özara ykdysady, söwda we ylmy gatnaşyklaryny ösdürmekde köp potensiallary bardyr diýip sözlerine goşdy.

prezident Ruhanişeýle-de geljek birnäçe aýda iki ýurdyň bilerlikdäki komissiýasy gurulýar we iki tarap söwda, maýa goýum we tehnologiýa hyzmatdaşlyklarynda bütin ugurlarda ylalaşyga ýetip bilýärler diýdi.

Kataryň emiri Şyh Tamim bin Hamad Al-Sani  hem bu habar konferensiýasynda eden çykyşynda Eýran Yslam respublikasynyň Katar baradaky pozisiýasyndan gadyrdanlyk edip bu günki gün bütin dartgynlylyklaryň we kynçylyklaryň çözgüdi gepleşik geçirilmegidir diýdi.

Kataryň emiri Şyh Tamim bin Hamad Al-Sani  şu gün Tehrana geldi.

 

Tag

Teswirler